Genesis 33
1 Ýakup başyny galdyrdy. Esaw oňa tarap gelýärdi. Onuň yzynda dört ýüz sany adam bardy! Ýakup çagalary Lea, Rahel we iki sany hyzmatkär aýaly bilen goýdy.
3 Ýakup öňe çykdy. Ol doganyna tarap ýöredi. Ol Esawa ýetýänçä, ýedi gezek ýere çöküp, başyny egdi.
4 Esaw ylgap geldi! Ol Ýakubyň boýnundan gujaklap, gaty gysdy. Ony gaýta-gaýta öpdi. Ikisem aglady.
17 Ýakup Sukota gitdi. Ol jaý saldy we haýwanlary üçin uly bolmadyk bassyrmalary dikdi. Şonuň üçinem bu ýere Sukot diýilýär. Onuň manysy bassyrmalar diýmekdir.
18 Ahyry Ýakup Kengan ýurdundaky Şekem şäherine geldi. Ol Paddan-Aramdan gaýdypdy. Ol çadyryny şäheriň daşynda dikdi.