Genesis 1
1 Başlangyçda Hudaý hemmesini ýaratdy, aşakdaky ýeri, ýokardaky asmany.
6 Hudaý ýene gürledi: "Goý, suwy ikä bölmek üçin boşluk bolsun."
9 Hudaý ýene gürledi: "Goý, suw bir ýere jemlensin. Goý, gury ýer peýda bolsun." Şeýle hem boldy.
11 Hudaý ýene gürledi: "Goý, ýerden ösümlikler gögersin. Otlar. Içinde tohumy bolan miweli agaçlar." Şeýle hem boldy.
14 Hudaý ýene gürledi: "Goý, gündizi gijeden, pasyllary, günleri we ýyllary bellemek üçin asmanda ýagtylgyçlar bolsun."