Genesis 20

1 Ybraýym goşlaryny ýygnap, günorta tarap çöle göçdi. Ol Kadeş we Şur aralygynda galdy. Ol Gerarda gelmişek bolup ýaşady.

2 Ol şol ýerdäkä, Ybraýym adamlara Saranyň öz aýal doganydygyny aýtdy. Gerar patyşasy Abimelek ol barada eşitdi. Ol zenany öz öýüne getirmek üçin adam iberdi.

3 Şol gije, Hudaý Abimelegiň düýşüne girdi. "Sen öli adam. Seniň alan aýalyň başga bir erkege degişli."

14 Abimelek Ybraýyma goýun, sygyr we kömekçiler berdi. Onuň üçin işlemäge erkek we aýal hyzmatkärler berdi. Ol Sarany yzyna gaýtaryp berdi.

17 Ybraýym Abimelek üçin Hudaýa doga etdi. Hudaý ony sagaltdy. Aýalynam sagaltdy. Hudaý onuň öýündäki işleýän hemme aýallary hem sagaltdy, şeýlelikde olar ýene-de çaga dogrup bildiler.