Genesis 15
1 Soňra Ýahwe düýşünde Abrama gepledi. "Gorkma, Abram. Men şu ýerde. Men seniň galkanyň. Men seni goraýaryn. Men seniň baýragyň. Men hemme zatdan gymmatly!"
4 Ýahwe jogap berdi. "Ýok! Ol adam seniň zatlaryňy almaz. Ogluň alar. Seniň öz teniňden bolan ogul!"
9 Ýahwe: "Maňa bir sygyr, bir geçi we bir goç getir. Hersi üç ýaşynda bolsun. Şeýle hem bir kepderi we bir ýaş guş getir" diýdi.
11 Asmandan uly guşlar geldi! Olar eti iýmek islediler. Abram ellerini galgatdy. Olary kowdy.
12 Gün ýaşdy. Abramy agyr uky basdy. Ol oýa galyp bilmedi. Ony galyň gorkunç garaňkylyk gurşap aldy.